Moskwada Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 144 Adama Ýetdi

Muraşko, hassahanalarda 17-si agyr 69 adamyň bejergisiniň dowam edýändigini ýatlatdy.

2122209
Moskwada Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 144 Adama Ýetdi

Russiýanyň paýtagty Moskwada guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 144 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko, Moskwada metbugata beren beýannamasynda, 22-nji martda Krokus konsert zalyna guralan terrorçylykly hüjümde ýaralananlardan ýene-de bir adamň şu gün ýogalandygyny mälim etdi.

Muraşko, hassahanalarda 17-si agyr 69 adamyň bejergisiniň dowam edýändigini ýatlatdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, hüjümi guran 4 terrorçy bilen birlikde 11 adamyň tussag edilendigini mälim edipdi.

 

 



Degişli Habarlar