“Günbatar Däl, Eýsem Putin Gorkmaly”

Sikorski, Russiýa bilen NATO-nyň arasyndaky söweşiň Moskwanyň ýeňilmegi bilen netijelenjekdigini aýtdy

2132160
“Günbatar Däl, Eýsem Putin Gorkmaly”

Polşanyň Daşary işler ministri Radoslaw Sikorski, Russiýa bilen NATO-nyň arasyndaky söweşiň Moskwanyň ýeňilmegi bilen netijelenjekdigini aýtdy.

Sikorski, Polşanyň Mejlisiniň aşakky ganadynda eden çykyşynda “Günbatar hökmünde biz däl eýsem Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin çaknyşykdan gorkmaly”diýdi.

Daşary işler ministri “NATO goranyş guramasy we maksat Russiýa gurama agza haýsydyr bir ýurda hüjüm eden halatynda onuň ýeňilmeginiň gutulgusyzdygyny görkezmek isleýäris” diýdi.

Sikorski, Russiýanyň harby we ykdysady mümkinçiligi Günbataryň mümkinçiliginden has pesdigini, NATO-nyň esger sanynyň Russiýanyň esgerleriniň sanyndan has köpdügini we NATO-nyň howa güýçleriniň rus howa güýçlerinden has güýçlidigini ýatlatdy.

Polşanyň Daşary işler ministri, Putiniň ýeke-täk umydynyň bardygyny nygtap, “Ol hem Günbataryň ikirjiňlenmesidir” diýdi.

 

 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #NATO , #Polşa

Degişli Habarlar