Aş Şebaba Agza 70 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Somaliniň goşuny Aş Şebaba garşy guraýan operasiýalarynyň depginini güýçlendirýär.

2132448
Aş Şebaba Agza 70 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Somalide, terror guramasy Aş Şebaba garşy guralan howa hüjüminde gurama agza 70 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Kommunikasiýalar ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Mudug etrapçasynda terror guramasy Aş Şebaba garşy howa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Howa hüjüminde gurama agza 70 terrorçynyň öldürlendigi, 30 terrorçynyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Gurama garşy şol sebitde çarşenbe güni guralan operasiýada hem 150-den gowrak terrorçynyň öldürlendigi ýatladyldy.

Somaliniň goşuny Aş Şebaba garşy guraýan operasiýalarynyň depginini güýçlendirýär. Gurama bolsa asuda ilaty we harby merkezleri nyşana alýar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar