Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ölen Palestinalylaryň Sany 32,552 Adama Ýetdi

Ysraýyl Gaza Sektoruny 7-nji oktýabrdan bäri bombalaýar.

2121567
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ölen Palestinalylaryň Sany 32,552 Adama Ýetdi
aa_picture_20240327_34113308.jpg
gazze cocuk.jpg
gazze bebek.jpg
gazze bebek.jpg

Palestinany ýumurmaga dowam edýän Ysraýylyň goşunynyň günortadaky Rafah şäherinde 4 öýi bombalamagy sebäpli 11 palestinaly ýogaldy.

Ýerlerinden mahrum edilen palestinalylar hem Ysraýylyň hüjümlerine sezewar boldy. 1 sanysy çaga 4 palestinaly öldi.

Ysraýyl esgerleri ýene-de bir gezek ynsanperwer kömegini almaga garaşýan palestinalylara od açdy.

Gaza şäherindäki Kuweýt çatrygynda guralan hüjümde ýogalanlar we ýaralananlar ar.

Ysraýylyň Gaza Sektoruna guran hüjümlerinde öldüriken palestinalylaryň sany 32,552 adama ýetdi.

Palestinanyň söweşiji toparlary bolsa göreşini dowam etdirýär.

Ysraýylyň goşuny çaknyşykda ýene-de bir esgeriň ölendigini, ölen esgerleriň sanynyň 597-ä ýetendigini habar berdi.

Ysraýylyň gyrgynçylygy dowam edýärkä Palestinanyň söweşjeň topary Hamas halkara kazyýet organlaryna we BMG-ne çagyryş edip, palestin halkynyň ulgamlaýyn öldürilmegini duruzmak üçin gyssagly hereket geçilmegini isledi.



Degişli Habarlar