Ysraýylly Ministr Gaza Sektorynyň Dolulygyna Ýok Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Besalel Smotriç, Hamasyň lideriniň janyna kast edilmegi we Gaza Sektorynyň dolulygyna ýok edilmegi üçin çagyryş berdi.

2132462
Ysraýylly Ministr Gaza Sektorynyň Dolulygyna Ýok Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Ysraýylyň aşa sagçy Maliýe ministri Besalel Smotriç milli razwatka gullugy Mossada Hamasyň lideriniň janyna kast edilmegi we Gaza Sektorynyň dolulygyna ýok edilmegi üçin çagyryş berdi.

Besalel Smotriç Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Mossadyň Ysraýylyň howpsuzlygyna zeper ýetirenler bilen gepleşik geçirmeginiň ýerine Hamasyň dünýädäki lderleriniň ýok edilmeginiň wagty geldi” diýdi.

Hamas bilen ýesir çalşygy meselesinde geçirilýän gepleşiklere garşy duran Besalel Smotriç “Hamas bilen mundan soň diňe raketalar we bombalar bilen gepleşik geçirilmeli” diýdi.

Aşa sagçy ministr, Gaza Sektorynyň günortasyndaky Rafah şäheriniň gysga wagtda basylyp alynmagy we basyp alyşlygyň sebit dolulygyna ýok edilýänçä dowam etmegi üçin çagyryş berdi.

 



Degişli Habarlar