Moskwadaky terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 143 adama ýetdi

2121373
Moskwadaky terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi özüniň internet saýtynda anna güni agşam Moskwadaky konsert zallarynyň birinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sanawyny täzeledi. 

Sanawda 143 adamyň ady bar. 

Hüjümde şeýle hem 100-den gowrak adam ýaralanypdy. 

Ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putin hüjümi guran 4 terrorçy bilen birlikde jemi 11 adamyň tussag edilendigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar