“ F-16 Uçarlary Üçin Üçünji Ýurtlaryň Howa Menzilleri Ulanylan Halatynda Gaýtawul Görkezeris”

Wladimir Putin Twer sebitindäki harby tälim merkezine baryp gördi.

2121353
“ F-16 Uçarlary Üçin Üçünji Ýurtlaryň Howa Menzilleri Ulanylan Halatynda Gaýtawul Görkezeris”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukraina beriljek F-16 harby uçarlarynyň, üçünji ýurtlaryň howa menzillerini özlerine garşy ulanan halatynda şol ýurtlary nyşana alyp biljekdiklerini aýtdy.

Wladimir Putin Twer sebitindäki harby tälim merkezine baryp gördi.

Harby uçarmanlar bilen duşuşan Putin, awiasiýa gullugynyň Ukraina bilen söweşde uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

Özüniň hem harby uçar bilen birnäçe gezek uçandygyny we harby uçarmanlarynyň işiniň gaty kyndygyny aýdan Putin, çaknyşyk zolagynda rus Su-34 bombardyman uçarynyň, Su-30 we Su-57 kysymly harby uçarlaryň iş alyp barýandygyny ýatlatdy.

Günbatarly ýurtlaryň Ukraina F-16 kysymly harby uçarlaryň berilmegi baradaky meýilnamasy we Ukrainaly uçarmanlara harby tälim berilmegi barada durup geçen Putin, “Bu çaknyşyk zolagynda hiç zady üýtgedip bilmez. Şu günki günde tanklary, sowutly ulaglary we harby enjamlary ýok edişimiz ýaly F-16 uçarlaryny hem ýok ederis” diýdi.

F-16 harby uçarlarynyň ýadro ujuny göterme ukubyna eýedigine ünsi çeken Putin, şol uçarlar ulanylýarka muňa üns berilmelidigini nygtady.

Ukraina beriljek şol uçarlar üçin NATO agza ýurtlaryň howa menzilleri ulanylan halatynda degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini aýdan Putin, “Elbetde şol uçarlar üçünji ýurtlaryň howa menzillerini ulanan halatynda, nirede bolandygyna garamazdan kanuny taýdan degişli gaýtawuly görkezeris” diýdi.

 

 


Etiketkalar: #Wladimir Putin , #NATO , #Ukraina

Degişli Habarlar