Ysraýyl Gazada 29 müň nyşanany bombalady

Ysraýylyň goşuny hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagynda 29 müň nyşananyň harby uçarlar tarapyndan bombalanandygyny habar berdi

2104686
Ysraýyl Gazada 29 müň nyşanany bombalady

"Yedioth Ahronoth" atly gazediň habar bermeginä görä, Ysraýylyň goşuny harby-howa güýçleriniň ýerine ýetirýän işleri barada beren beýanatynda, harby uçarlaryň frontyň ähli ýerinde 31 müňden gowrak nyşana hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümleriň takmynan 29 müňüniň Gaza zolagynda, 1100-iň bolsa demirgazykdaky Liwan serhedinde amala aşyrylandygy bellenen beýanatda, galan böleginiň bolsa nirde guralandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 

Şolaryň takmynan 7 müňüniň duýdansyz hüjümdigi we gury ýer güýçleriniň talabyna laýyklykda geçirilendigi bellenen beýanatda: "Harby uçarlar bilen takmynan 26 müň, harby dikuçar bilen takmynan 3800, uçarmansyz howa ulaglary bilen takmynan 3800 hüjüm guraldy" diýip habar berildi. 

Hamasyň ýaragly şahasy Izeddin al-Kassam topary "Palestinalylara we Aksa metjidine başda bolmak bilen mukaddes gymmatlyklara garşy dowamly häsýetde edilen düzgün bozmalara garşylyk görkezmek" üçin Ysraýla garşy 7-nji oktýabrda giň gerimli hüjüm başladypdy. 

Ysraýyl 7-nji oktýabrdaky hüjümlerde 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5132 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde azyndan 12660-y çaga, 8570-i zenan bolmak bilen 29092 palestinaly öldürildi, 69028 palestinaly bolsa ýaralandy. 

Ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagynda müňlerçe ýogalan adamyň bardygy, halkyň sygynan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň hem nyşana alynyp, raýat infrastrukturasyna zeper ýetirilýändigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #nyşana , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar