BAE-niň Döwlet baştutany Müsürde Sisi bilen duşuşdy

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisi resmi sapar bilen ýurduna baran BAE-niň Döwlet baştutany Şeýh Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan bilen duşuşyk geçirdi

2020665
BAE-niň Döwlet baştutany Müsürde Sisi bilen duşuşdy

Müsüriň Prezident diwanyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Al-Alameýn şäherinde duşuşyk geçiren iki lider, sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Duşuşykda umumy hyzmatdaşlyk mehanizmiň güýçlendirilmegi üçin tagallalara dowam edilmeginiň ýollary ele alyndy. 

Liderler sebitde we dünýäde artan kynçylyklara garşy göreşde umumy Arap başlangyçlarynyň artdyrylmagy babatynda ylalaşyk gazandylar. 

BAE-niň Döwlet baştutany Şeýh Muhammed bin Zaýid Al Nahaýanyň Müsüre guran saparynyň haçan başlandygy we näçe gün dowam etjekdigi bilen bagly bolsa maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #sapar , #Müsür , #BAE

Degişli Habarlar