Tunisdäki tokaý ýangynlary dowam edýär

Tunisiň tapawutly sebitlerinde ýüze çykan tokaý ýangynlaryny söndürmek işleri dowam edýär

2016083
Tunisdäki tokaý ýangynlary dowam edýär

Tunisiň Raýat goranyş edarasynyň metbugat sekretary Muaz Teria, ýurt derejesinde dowam edýän tokaý ýangynlary bilen bagly ýazmaça beýannama berdi. 

Tokaý ýangynlaryna garşy göreş alyp barýandyklaryny aýdan Muaz Teria: "Silýana welaýatyna degişli Hammam Beýda dagynda ýüze çykan tokaý ýangyny güýçli şemal sebäpli Beja welaýatyna degişli Tibar sebitindäki tokaý zolagynada ýaýrady. Mundan başgada Gabes welaýatynyň Şenine sebitinde ençeme kiçi göwrümli tokaý ýangynlary dowam edýär. Binzert şäherinde ýerleşýän Jebel Gazalede ýüze çykan tokaý ýangyny dowam edýär" diýip habar berdi. 

Jenduba welaýatynyň Tabarka şäherindäki Malula tokaýynda 13-nji iýulda ýüze çykan ýangynyň söndürilmegi üçin iş alyp barýandyklaryny aýdan Teria, güýçli şemalyň söndürmek işlerini kynlaşdyrýandygyny mälim etdi. 

Ýangynyň ýaramaz täsir ýetiren 170 adam sebitiň hassahanalarynda bejergi astyna alyndy. 

Tunisli resmileriň aýtmagyna görä Malula tokaýyndaky ýangynda 450 gektar zolaga zeper ýetdi. 


Etiketkalar: #ýangyn , #tokaý , #Tunis

Degişli Habarlar