Germaniýa, Fransiýada Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

Şolz “Dost ýurt we ýakyn hyzmatdaşymyz Fransiýada başdan geçirilýän wakalara elbetde alada bildirýäris” diýdi

2006127
Germaniýa, Fransiýada Başdan Geçirilýän Wakalara Alada Bildirýär

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, 27-nji iýunda Fransiýada asly Alžirli ýetginjegiň polisiýa işgäri tarapyndan atylyp öldürilmeginden soň başlan protest ýörişlerine alada bildirýändigini mälim etdi.

Şols, Fransiýada başdan geçirilýän wakalar hakynda Germaniýanyň ARD teleýaýlymyna beýannama berdi.

Şols “Dost ýurt we ýakyn hyzmatdaşymyz Fransiýada başdan geçirilýän wakalara elbetde alada bildirýäris” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ýurtdaky ýagdaýyň gysga wagtda kadalaşmagy üçin degişli çäreleri görjekdigine ynanýandygyny belledi.



Degişli Habarlar