Ýer Titremelerinden Soň Arkalaşyk Ýüzlenmeleri Berilmäge Dowam Edýär

Premýer-ministr Şerif, ýurdunyň gözleg we halas ediş we kömek işlerine goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

1946087
Ýer Titremelerinden Soň Arkalaşyk Ýüzlenmeleri Berilmäge Dowam Edýär

Ýewropa Parlamentiniň Baş Assambleýasynyň açylyş dabarasynda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri sebäpli Türkiýede we Siriýada ýogalanlar üçin hormatly dymyşlyk edildi.

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola Fransiýanyň Strazburg şäherinde geçirlen Baş Assambleýanyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Geçen hepde Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleri uly ýitgi çekilmegine sebäp boldy. Ýewropalylaryň Türkiýäniň we Siriýanyň halkyna goldaw berýändigini nygtamak isleýärin. Ýer titremelerinde ýogalanlaryň hossarlaryna uly gynanç bildirýäris” diýdi.

ÝB Komissiýasynyň ynsanperwer kömeklerden jogapkär agzasy Ýanes Lenarçiç çykyşynda geçen hepde Gaziantepde saparda bolandygyny nygtap “ Ýer titremelerinden soň ÝB-ne agza 21 ýurtdan jemi 32 gözleg we halas ediş topary we 6 saglygy goraýyş topary sebite ugradyldy” diýdi.

Ýanes Lenarçiç “Türkiýede ýer titremeleri zerarly uly ýitgi çeken sebitlere 3 million ýewrolyk ynsanperwer kömegi berildi” diýdi.

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Türkiýäniň Yslamabatdaky ilçihanasyna baryp, 6-njy fewralda bolan we “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremelerinde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Premýer-ministr Şerif, Pakistanyň Türkiýe bilen arkalaşykly hereket etjekdigini we ýurdunyň gözleg we halas ediş we kömek işlerine goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

Dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan Porto-Rikoly aýdymçy Rimi Martin, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Türkiýeli we Siriýaly çagalar üçin ynsanperwer kömek çagyryşyny berdi.

Azerbaýjanly sungat ussatlary hem ýer titremelerinden soň, aýdymlaryny Türkiýä goldaw üçin aýtdylar.

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde müňlerçe adam ýogaldy. Ýer titremeleri “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirildi.

 



Degişli Habarlar