Sandu: "Russiýa Moldawiýany garaňkylykda goýdy" diýdi

Moldawiýanyň Prezidenti Maýa Sandu Russiýanyň Ukraina garşy raketalar bilen guran hüjümleri bilen ýurduny elektrik toksyz goýandygyny habar berdi

1910647
Sandu: "Russiýa Moldawiýany garaňkylykda goýdy" diýdi

Moldawiýanyň Prezidenti Maýa Sandu sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Russiýa Moldawiýany garaňkylykda goýdy. Russiýanyň Ukrainadaky söweşinde adamlary öldürýär, ýaşaýyş ýerlerini we energetika infrastrukturalaryny raketalar bilen ýok edýär" diýip belledi. 

Moldawiýanyň elektrik togunyň ýaňadandan üpjün ediljekdigini aýdan Maýa Sandu, degişli guramadyr-edaralaryň şol ugurdaky işlerini dowam etdirýändigini mälim etdi. 

Moldawiýanyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministri Niku Popesku hem, paýtagt Kişinew bilen birlikde ýurduň ençeme ýerinde elektrik toklaryň kesilendigini belläp: "Russiýanyň Ukrainany rehimsizlik bilen bombalamagy, ýurdumyzda dramatiki netijelere sebäp bolmaga dowam edýär. Şol sebäpli Russiýanyň Kişinewdäki ilçisiniň ministrlige çagyrylmagy üçin görkezme berdim" diýip aýan etdi. 

Ukrainanyň energetika kärhanasy Ukrenergo hem, Russiýanyň goşunynyň düýn guran raketaly hüjümleriniň netijesinde ýurt derejesinde suwuň we elektrik toklaryň kesilmegine sebäp bolupdy. 



Degişli Habarlar