ÝB-ne Agza Ýurtlar Russiýa Garşy 8-nji Sanksiýa Bukjasy Boýunça Ylalaşdy

ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Çehiýanyň resmi sosial media hasabyndan berilen habarnamada agza ýurtlaryň ilçileriniň Russiýa garşy goşmaça sanksiýalar boýunça syýasy taýdan ylalalaşdyklary beýan edildi.

1888748
ÝB-ne Agza Ýurtlar Russiýa Garşy 8-nji Sanksiýa Bukjasy Boýunça Ylalaşdy

Habarnamada sanksiýalaryň Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ukrainanyň käbir oblastlaryny bikanun anneksirlemegine garşy güýçli gaýtawul bolandygy nygtralyp, 8-nji sanksiýa bukjasynyň ýazmaça görnüşde tassyklanandan soň ÝB-niň Resmi gazetinde çap edilip, güýje girjekdigi nygtalýar.

ÝB Komissiýasynyň Başlygy Ursula won der Leýen sosial medi hasabyndan beren habarnamasynda; “Şu gün agza ýurtlaryň 8-nji sanksiýa bukjasy boýunça ylalaşmagyna kanagatlanma bildirýärin” diýip ýazdy.

Depginli we egilşiksiz hereket edýändiklerini nygtan Leýen; “Putiniň gurama referendumyny we Ukrainada haýsydyr bir anneksiýany kabul etmeris” diýip ýazdy.

ÝB Komissiýasy geçen hepde Russiýa harşy söwda gadagançylyklaryny we rus nebitine iň aşak nyrh şertini öz işine alýan 8-nji sanksiýa bukjasyny teklip edipdi.



Degişli Habarlar