Albaniýa, Eýran Bilen Diplomatik Gatnaşyklaryny Keser

Guraýan kiber hüjümleri sebäpli Albaniýanyň, Eýran bilen edilýän diplomatik gatnaşyklarynyň kesilmegi hakynda karar kabul edildi.

1877031
Albaniýa, Eýran Bilen Diplomatik Gatnaşyklaryny Keser

Albaniýanyň Ministrler kabineti tarapyndan berlen beýannamada, guraýan kiber hüjümlerine jogap hökmünde Eýran bilen edilýän diplomatik gatnaşyklaryň kesilmegi hakynda kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Eýrany 15-nji iýulda Albaniýanyň döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryna garşy kiber hüjüm guramakda günäkärläpdi.

Rama, “Degişli ulgamlar dolulygyna işleýär we maglumatlar öçürlip bilinmedi” diýdi.

Ministrler kabineti tarapyndan berlen beýannama görä, guraýan kiber hüjümleri sebäpli Albaniýanyň, Eýran bilen edilýän diplomatik gatnaşyklarynyň kesilmegi hakynda karar kabul edildi.

Premýer-ministr Edi Ramanyň duýduryşyndan soň eýranly diplomatlaryň ýurdy terk etmekleri üçin 24 sagatlyk möhlediň berlendigi habar berildi.

 



Degişli Habarlar