Gazada Ynsanperwer Kömekleri Halka Paýlanyp Bilinmeýär
Gaza Sektorunda yzgiderli ýangyç getirilmeýändigi sebäpli ynsanperwer kömekleriniň paýlanmagynyň mümkin däldigi habar berildi.
BMG-niň Gumanitar işleri utgaşdyryjy ofisiniň X sosial media platformasyndan berilen habarnamada, Gaza geçirişiň birnäçe günden bäri ýapykdygy, elýeterliligiň howpsuz ýa-da logistika taýdan amatly däldigi nygtaldy.
Habarnamada; “Yziderli ýangyç getirilmeýändigi, durnuksyz aragatnaşyk we dowam edýän çaknyşyklar sebäpli Gaza Sektorunda ynsanperwer kömegini paýlamagyň tas mümkin däl” diýilýär.
Bu şertleriň bolsa 2 milliondan gowrak palestinaly üçin iňňän agyr zarba urýandygy beýan edildi.
Ysraýylyň goşuny 7-nji maýda Gazanyň Müsür bilen bolan Rafah gümrük geçelgesini basyp alypdy. Ysraýylyň üznüksiz hüjümlerine sezewar bolýan Gazada azyk ýetmezçiligi we açlyk günsaýyn hasam agyrlaşýar.
Rafah gümrük geçelgesinin Ysraýyl tarapyndan basylyp alynmagy we ýapylmagy sebäpli Gaza baran ynsanperwer kömek konteýnerleriniň sanyny hem azaldýar.
Degişli Habarlar
Ysraýyl Gazada BMG degişli mekdebe hüjüm gurady
Ysraýyl ýaşaýan ýerlerinden mahrum bolan palestinalylaryň galýan BMG degişli mekdebe hüjüm gurady