Polşanyň, Latwiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň liderleri Ukraina sapar guraýarlar
Polşa, Latwiýa, Litwa we Estoniýa ýaly ýurtlaryň liderleri Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirmek üçin Kiýew şäherine sapar gurarlar
Estoniýanyň Prezidenti Alar Karisiň Twitter hasabyndan paýlaşan materialda, liderleriň Ukraina degişli bir otlynyň daşynda surat paýlaşyldy, emma sapar barada jikme-jik maglumat berilmedi.
Karis beren beýanatynda: "Ukrainanyň halkyna berýän güýçli goldawymyzy görkezmek üçin Andžeý Duda, Gitanas Nauseda we Egils Lewits bilen Ukraina sapar guraýarys, hormatly dostumyz Prezident Zelenskiý bilen duşuşyk geçireris" diýip habar berdi.
Sapara Estoniýanyň Prezidenti Alar Karis bilen birlikde Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda, Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda we Latwiýanyň Prezidenti Egils Lewits gatnaşýar.
Degişli Habarlar
Nigeriýada Metjitde Bolan Partlamada 11 Adam Ýogaldy
Ýangyç bidonynyň ýarylmagy sebäpli bolan partlamada 17 adamyň hem ýaralandy
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 31 adam artyp 35 müň 303 adama ýetdi.