ÝB Älem Giňişligindäki Bäsleşige 6 Milliard Ýewrolyk Taslama Bilen Gatnaşar

ÝB Komissiýasyndan berilen beýannamada “açyk ýer orbitasy” emeli hemra ulgamy taslamasynyň 2,4 milliard ýewrolyk býujetinden galan böleginiň ÝB-ne agza ýurtlar tarapyndan beriljekdigi aýdylýar.

1779567
ÝB Älem Giňişligindäki Bäsleşige 6 Milliard Ýewrolyk Taslama Bilen Gatnaşar

6 milliard ýewro gymmaty bolan taslamanyň ÝB-ne agza ýurtlaryň dünýä derejesinde howpsuz, elýeterli emeli hemra telekommunikasiýa hyzmatlaryna üznüksiz, uzak möhletli ulanmagy nazarda tutýandygy, agza ýurtlaryň howpsuzlygy hem-de goranyşy üçin gerek bolan esasy infrastrukturanyň goralmagyna we gözegçiligine goşant goşjakdygy beýan edildi.

Şeýlelikde ÝB-niň Afrika we Demirgazyk polýusy ýaly Bileleşik üçin strategik ähmiýetli sebitler bilen hem üznüksiz arabaglanşygyň ýola goýulyp bilinjekdigi habar berildi.

Taslamanyň beýleki bir böleginiň bolsa älem giňişligine gatnawyň dolanşygy üçin bölünip berilendigi nygtalýar.

Bu ugurda öňdebaryjy maýadaryň Amerikanyň kosmii şattl öndürijisi “SpajeX-iň” esaslandyryjysy İlon Mask bolandygy bilinýär.

Beýleki tarapdan Komissiýasy goranyş pudagy boýunça barlaglary we ukyby giňeltmek boýunça taslamalar üçin ýylyň ahyrynda Ýewropanyň goranyş gaznasyndan 1,9 milliard ýewro serişde sarp ediljekdigini habar berdi. Şol taslamanyň 10-11-nji mart aralygynda Fransiýada geçiriljek resmi däl sammitde ara alynyp maslahatlaşyljakdygy beýan edildi.

 



Degişli Habarlar