Baýden Bilen Jonson, Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy
Boris Jonson bilen Jo Baýden telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
1778820
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Ukraina meselesi hakynda pikir alyşdy.
Britaniýa tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Boris Jonson bilen ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.
Jonson bilen Baýdeniň telefon söhbetdeşliginde birek-birege Russiýa-Ukraina dartgynlygy meselesinde geçiren gepleşikleri hakynda maglumat berendigi bellenildi.
Beýannamada, liderleriň Russiýa Ukraina atýan hemlesinden ýüz öwürmegi üçin diplomatiýa taýdan edilýän tagallalaryň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygy bellenildi.
Degişli Habarlar
Sudanda 25 Million Adam Ynsanperwer Kömegine Garaşýar
Darfurdaky çaknyşyklar asuda ilata ýaramaz täsirini ýetirýär