Tunisde harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde 1 adam ýogaldy
Tunisiň resmileri waka bilen bagly entek beýanat bermediler
Tunisiň demirgazygynda harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmanynyň kömekçisi ýogaldy, uçarman bolsa agyr ýagdaýda ýaralandy.
Tunisiň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Muhammed Zekeri, Tunisiň Bizerte welaýatynda harby dikuçaryň tälim uçuşyny amala aşyrýarka ýere gaçandygyny habar berdi.
Zekeri harby dikuçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmanynyň kömekçisiniň ýogalandygyny, uçarmanyň bolsa agyr ýagdaýda ýaralanandygyny we hassahana ýatyrylandygyny mälim etdi.
Tunisiň resmileri waka bilen bagly entek beýanat bermediler.
Degişli Habarlar
Nigeriýada Metjitde Bolan Partlamada 11 Adam Ýogaldy
Ýangyç bidonynyň ýarylmagy sebäpli bolan partlamada 17 adamyň hem ýaralandy
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 31 adam artyp 35 müň 303 adama ýetdi.