Belgiýa Kiber Hüjüm Guraldy

Belgiýada köp sanly resmi döwlet edarasyny birikdirýän internet tory “Belnet” kiber hüjüm sebäpli işlemeýär

1634611
Belgiýa Kiber Hüjüm Guraldy

Kiber hüjümden döwlet edaralary, uniwersitetler, ylmy-barlag merkezleri we ýerli dolanşyklar bilen 200-e barabar gurama zyýan çekdi.

Kiber hüjümden soň Walonýa-Brýussel Federasiýasynyň Parlamenti hem malahatlaryny bes etmeli boldy.

Pandeöiýa sebäpli maslahata köp sanly parlamentar maslahata onlaýn formatda gatnaşýardy.

Sanjym we synag merkezleri hem kiber hüjümden zyýan çekdi. İnternet arkaly berilýän hyzmatlar duran hem bolsa, birnäçe sagat son çözüldi.

Belgiýanyň Kompýuter jenaýatlary guramasy giň gerimli derňew işini başlatdy. Emma häzirki wagta çenli hüjümi guranlaryň maksady we şahsyýeti anyklanyp bilinmedi.

Ýaşyllar partiýasynyň halk deputaty  Wuter De Wriendt hüjümiň aňyrsynda Hytaýyň bolup biljekdigini öňe sürdi.

Belgiýaly deputat Halkara gatnaşyklar komitetiniň Hytaýyň uýgur meselesini seljerjek güni ulgamyň ýapylmagyna ünsi çekdi.



Degişli Habarlar