Putin Bilen Dibeýbe Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe Liwiýa rus Sputnik V sanjymnyyň berilmeginden hoşal

1622142
Putin Bilen Dibeýbe Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Kremlden berlen beýannama görä, Putin bilen Dibeýbe telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Rus lideri Putin, Liwiýada üstümizdäki ýylyň ahyrynda geçiriljek we ýurdy ýerli saýlawlara taýarlajak täze wagtlaýyn hökümetiň gurulmagyndan hoşaldygyny belledi.

Telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň Liwiýada durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin liwiýalylaryň arasyndaky syýasy etaba goldaw bermäge taýardygy nygtaldy.

Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe hem Liwiýa rus Sputnik V sanjymnyyň berilmeginden hoşaldyklaryny belledi.



Degişli Habarlar