Müsüriň paýtagty Kair şäherinde 10 gatly bina çökdi

Müsüriň paýtagty Kair şäherinde 10 gatly binanyň çökmegi netijesinde ýogalanlaryň sany 18 adama ýetdi

1609888
Müsüriň paýtagty Kair şäherinde 10 gatly bina çökdi

Ýerli metbugatda berilýän habarlara görä, Kair şäheriniň gündogaryndaky Sues köprüsi sebitinde 10 gatly bina çökdi. 

Wakada 18 adamyň ýogalandygy, 23 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Binanyň çöken mahaly içinde näçe adamyň bolandygy entek doly anyklanmasada, harabalyklaryň aşagynda galan adamlaryň gözleg we halas ediş işleriniň başladylandygy habar berildi. 

Kairiň gubernatory general Halid Abdul Al, çöken binanyň golaýyndaky beýleki binalaryň gözden geçirilmegi we gözleg we halas ediş işleriniň geçirilmegi üçin ýörite toparyň döredilendigini aýan etdi. 


Etiketkalar: #çökmek , #bina , #Kair , #Müsür

Degişli Habarlar