Eýranyň Mejlisi Býujetiň Taslamasyny Kabul Etmedi

Esasy düşnüşmezlik Amerikan dollarynyň kursunyň kesgitlenmegi

1575986
Eýranyň Mejlisi Býujetiň Taslamasyny Kabul Etmedi

Eýranda Prezident Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylyk edýän hökümetiniň hödürlän býujet taslamasy konserwatorlaryň agdyklyk edýän Mejlis tarapyndan kabul edilmedi.

Baş Assambleýadaky sese goýulşykda 99 halk deputaty býujetiň kabul edilmegi üçin ses beren bolsa, 148 halk deputaty garşy ses berdi. 12 halk deputaty bolsa ses bermekden saklandy.

Bu netijä görä býujetiň taslamasy konstruktiw özgertmeleriň edilmegi üçin hökümete gaýtarylyp beriler.

Hökümetiň 4,200 tümen hökmünde kesgitlän subwansirlenen Amerikan dollarynyň kursunyň Mejlis tarapyndan 17,500 tümene göterilmegini islemegi iki tarapyň arasyndaky esasy düşnüşmezliklerden biri kabul edilýär.

Mejlis käbir importçylara arzan kursdan walýuta üpjünjin edilmeginiň galplyga sebäp bolýandygyny kesgitlän bolsa, hökümet subwansirlenen Amerikan dollarynyň kursunyň 17,500 tümene göterilmeginiň ýokary inslýasiýa sebäp boljakydygyny öňe sürýär.



Degişli Habarlar