Ysraýylyň Premýer Ministri Netanýahu 9-njy Fewralda Birleşen Arap Emirliklerine Gider

Netanýahunyň Birleşen Arap Emirliklerine gurajak sapary ozal iki gezek yza süýşürlipdi.

1574931
Ysraýylyň Premýer Ministri Netanýahu 9-njy Fewralda Birleşen Arap Emirliklerine Gider

 

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, 9-njy fewralda Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolar.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Netanýahunyň  saparynyň Ysraýylda koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň köpelýändigi sebäpli Birleşen Arap Emirliklerine gurajak saparynyň birnäçe sagat bilen çäkli boljakdygy nygtaldy.

Saparyň çäginde Netanýahunyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Zaýed bilen duşuşjakdygy ýatladyldy.

Netanýahunyň Birleşen Arap Emirliklerine gurajak sapary ozal iki gezek yza süýşürlipdi.

Birleşen Arap Emirlikleri 13-nji awgustda, Bahreýn bolsa 11-nji sentýabrda Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin şertnama baglaşypdy.

Ysraýyl, Birleşen Arap Emirlikleri we Bahreýn bilen 15-nji sentýabrda ABŞ-da Ak Tamda geçirlen dabarada gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin şertnama baglaşypdy.



Degişli Habarlar