ABŞ-da Geçirlen Prezident Saýlawynda Ştatlaryň Netijeleri Belli Boldy

Jo Baýden 81 milliondan gowrak ses alyp, ses sanyny 51,3 göterime ýetirdi

1542817
ABŞ-da Geçirlen Prezident Saýlawynda Ştatlaryň Netijeleri Belli Boldy

 

ABŞ-da 3-nji noýabrda geçirlen prezident saýlawyndan soň, duşenbe güni ähli ştatlaryň Saýlaýjylar geňeşiniň agzalary, paýtagt Waşingtona gidip ses berer.

Düýn ýurtdaky 50 ştatda we paýtagt Waşingtonda saýlawyň netijeleri doly anyklandy we resmi taýdan bellige alyndy.

Prezident saýlawynda Demokratlaryň dalaşgäri Jo Baýden 81 milliondan gowrak ses alyp, ses sanyny 51,3 göterime ýetirdi.

ABŞ-nyň häzirki prezidenti we Respublikaçylaryň dalaşgäri Donald Tramp bolsa 74 milliondan gowrak ses bilen sesleriň jemi 46,8 göterimini aldy.

Jo Baýden 306 kürsä, Tramo bolsa 232 kürsä eýe boldy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar