Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 96 müň 351 adamdan geçdi

Hindistanda wirusa ýoluganlaryň sany jemi 6 million 145 müň 291 adama ýetdi

1499100
Hindistanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 96 müň 351 adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 million 6 müň 460 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 33 million 556 müň 260 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 24 million 881 müň 250 adama ýetdi. 

Hindistanda ýene-de 809 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 96 müň 351 adama ýetdi. Ülkede soňky 24 sagatda ýene-de 71 müň 943 adamyň hasaba alynmagy bilen, ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany jemi 6 million 145 müň 291 adama ýetdi. 

Häzirki wagta çenli Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 700 adamyň ýogalan Keniýada wirus ýokanlaryň sany 38 müň 168 adama ýetdi. Ýurdyň Döwlet baştutany Uhuru Kenýatta beren beýanatynda, Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli köçä çykmak gadagançylygynyň ýene-de 60 gün uzadylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar