Tel Abýatda terrorçylykly hüjümiň öňü alyndy

Siriýanyň Milli goşuny etrapçada motosiklete goýlan bombany täsirsiz ýagdaýa getirdi

1474077
Tel Abýatda terrorçylykly hüjümiň öňü alyndy

 

Siriýanyň Milli goşuny, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda guralan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy  bilen terrordan saplanan  Tel Abýad etrabynyň Sluk etrapçasynda terrorçylykly hüjümiň öňüni aldy.

Siriýanyň Milli goşuny etrapçada motosiklete goýlan bombany täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK, sebitdäki durnuklylygy we asudalygy bozmak üçin ýygy-ýygydan Tel Abýad we Rasulaýn etraplarynda asuda ilata garşy terrorçylykly hüjümler guraýar.

 

 

 



Degişli Habarlar