Yrakda Ýaşyl zolaga raketa hüjümi guraldy

Hüjümde hiç hili ýitgi çekilmändigi nygtaldy

1419832
Yrakda Ýaşyl zolaga raketa hüjümi guraldy

Yragyň paýtagty Bagdatda, ABŞ-nyň ilçihanasy bilen birlikde beýleki ýurtlaryň ilçihanalarynyň we hökümet binalarynyň ýerleşýän ýeri bolan Ýaşyl zolaga raketa hüjümi guraldy.

Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan berlen beýanata görä, Ýaşyl zolakda ýerleşýän boş öýe Katýuşa raketasy atyldy.

Beýanatda, hüjümde hiç hili ýitgi çekilmändigi nygtaldy.

Raketalaryň Bagdadyň gündogarynda ýerleşýän Palestina köçesinden atylandygy ýatladyldy.

Ady agzalýan köçede Eýrana ýakynlygy bilen tanalýan käbir şaýy başbozar güýçleriniň bardygy bilinýär.

 


Etiketkalar: #Yrak , #raketa hüjümi , #zolak

Degişli Habarlar