Koronawirus sebäpli Hindistanda 122 million adam işsiz galdy

Aprel aýynda 20 ýaşlarynda bolan 27 million, 30 ýaşlarynda bolan 33 million adam işsiz galdy

1419049
Koronawirus sebäpli Hindistanda 122 million adam işsiz galdy

 

Hindistanda koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde yglan edilen köçä çykmak gadagançylygy sebäpli aprel aýynda 122 milliondan gowrak adam işsiz galdy.

“Hindi Yksadyýet merkezi” atly ylmy barlag guramasynyň habarnamasyna görä, işsiz galanlaryň ýarysy ýaşlardan ybarat.

Aprel aýynda 20 ýaşlarynda bolan 27 million, 30 ýaşlarynda bolan 33 million adam işsiz galdy.

Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet heniz işsizleriň sany hakyndaky görkezijileri çap etmedi.

Ylmy barlag guramasy tarapyndan geçirlen sowalnama esaslanylýan habarnamada bolsa epidemiýanyň işsizleriň sanynyň artmagyna sebäp bolandygy nygtaldy.

Habarnamada işsiz galanlaryň 86 göteriminiň erkeklerdigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar