Eýranyň Şiraz şäherindäki aramgähleriň biri ýakyldy

Eýranyň Şiraz şäherindäki aramgähleriň biri, talananyndan soň ýakyldy

1323941
Eýranyň Şiraz şäherindäki aramgähleriň biri ýakyldy

Eýranyň resmi habar agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä, Şiraz şäheriniň merkezinde Kazirun Gapysy sebitindäki Şemsi Şiraz köçesinde ýerleşýän Ymamzada Bintul Hasan aramgähiniň, şahsyýeti entek anyklanmadyk adam ýa-da adamlar tarapyndan talandy.

Talaňçylar, gymmat bahaly zatlary alanyndan soň aramgähi ýakdylar.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.

Aramgähiň Muhammet Pygamberiň agtygy Hasanyň agtyklarynyň biri bolan Ebu Abdullah Muhmmediň gyzy Patma degişlidigi aýdylýar.


Etiketkalar: #talamak , #aramgäh , #Eýran

Degişli Habarlar