Russiýa Gruziýanyň uçuşlaryny bölekleýin erkine goýberdi

Russiýa 8-nji iýulda gadagan eden Gruziýanyň uçuşlaryny bölekleýin erkine goýberdi

1289444
Russiýa Gruziýanyň uçuşlaryny bölekleýin erkine goýberdi

Russiýanyň Federatiw awiasiýa gullugy (Rosawiasiýa) 8-nji iýuldan bäri gadagan bolan Gruziýa uçuşlaryň başlamagyna bölekleýin rugsat berdi.

Rosawiasiýanyň internet sahypasynda berilen görkezmä görä Sibir howaýollaryna Gruziýanyň Kutaisi şäherine uçmaga rugsat berildi.

Howaýollary kompaniýasyndan berilen beýannamada berilen rugsadyň uçuşlaryň şu gün başlajakdygy manysyny aňlatmaýandygy nygtalýar.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Gruziýada geçirilen Russiýa garşy protest aksiýalaryndan soň 8-nji iýulda rus howaýollary kompaniýalarynyň Gruziýa uçmagyny wagtlaýynça gadagan eden karara gol çekipdi.



Degişli Habarlar