Mahmud Abbas katolik dünýäsiniň ruhany lideri bilen duşuşdy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Watikanda katolik dünýäsiniň ruhany lideri Papa Fransisk bilen duşuşdy

1099684
Mahmud Abbas katolik dünýäsiniň ruhany lideri bilen duşuşdy

Watikanda bolan duşuşyk 20 minut dowam etdi.

Papa bilen Abbas duşuşykda Ýakyn Gündogar meselesi barada pikir alyşdy.

Italýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habarlaryna görä, Abbas Papa ýüzlenip “Täze ýylda parahatçylyk üçin doga edýäris we size ynam bildirýäris” diýdi.

Papa hem Palestinanyň liderine Ýakyn Gündogarda parahatçylyk etaby barada möhüm ýüzlenme berdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar