Marokkonyň golaýynda 45 bosgunyň jesedi tapyldy

Marokkonyň Tanja şäheriniň golaýynda bikanun ýollardan İspaniýa gitmäge synanşan emma deňizde gark bolan 45 bosgunyň jesedi tapyldy

1008508
Marokkonyň golaýynda 45 bosgunyň jesedi tapyldy

Şäher häkimliginden berlen beýanata görä, degişli ýolbaşçylar Tanja şäheriniň Al Araiş etrabynyň golaýynda jesetleriň bardygy hakynda gelip gowşan habarlardan soň herekete geçdi.

7-si zenan afrikaly 45 adamyň jesediniň tapylandygyny mälim eden ýolbaşçylar, bosgunlaryň Marokkodan İspaniýa gitmäge synanşandygy emma deňizde gark bolandyklaryny mälim etdi.

Halkara Göç guramasynyň üstümizdäki aýyň başynda beren beýanatynda, 2018-nji ýylyň başyndan bäri Ortaýer deňziniň gara suwlarynda müňden gowrak bosgunyň gark bolandygy nygtalypdy.

 


Etiketkalar: #Marokka , #jeset , #gurama

Degişli Habarlar