Saud Arabystanynyň Prokurory galplyga garşy göreşiň soňuna çenli dowam etjekdigini aýtdy

Saud Arabystanynyň Prokurory Şeýh Suud Al Mujab ýurtdaky galplyk doly ortadan aýrylýança derňew işleriniň dowam etjekdigini habar berdi

934685
Saud Arabystanynyň Prokurory galplyga garşy göreşiň soňuna çenli dowam etjekdigini aýtdy

Saud Arabystanynyň resmi habarlar gullugy “SPA-nyň” habar bermegine görä Prokuror Mujab  Tabuk şäherine guran saparynyň dowamynda prokurotura tarapyndan ýurduň ähli şäherlerinde derňew ofislerinin açyljakdygyny aýtdy.

Prokuroturanyň seredýän işlerinde adalaty üpjün etmek we üstünlik gazanmak üçin şeýle başlangyç etjekdiklerine ünsi çeken Mujab, prokuroturanyň ygtyýarlaryndan peýdalanmak hem-de raýatlaryň hukuklaryny goramak ugrundaky işleriň dowam etjekdigini nygtady.

Şa Salman Bin Abdulaziz we Mirasdüşer Şazada Muhammed Bin Salmanyň görkezmelerine laýyklykda ýurtdaky galplyk doly ortadan aýrylýança derňew işleriniň dowam etjekdigini nygtan Mujab, özlerine garşy ýüze çykjak şertlerde-de galplyga garşy göreş boýunça Prokuroturanyň gapysynyň soňuna çenli açyk bolandygyna ünsi çekdi.

Şa Salman galplyk işlerini derňemek we aýyplawnamalary seljermek üçin ýörite ofislerin açylmagy baradaky karary tassyklap, şol ofislerin prokuror bilen gönüden aragatnaşykda boljakdygyny beýan edipdi.

Şa Salman tarapyndan 2017-nji ýylyň 4-nji noýabrynda çap edilen permanlarda Galplyga garşy göreş toparynyň döredilmegine karar berilipdi. Şol topara tussag etmäge, emläkleri saklamağa we degişli beýleki çäreleri görmäge ygtyýar berip, başlyklygyna ogly Miraşdüşer Şazada Muhammed Ben Salmany belläpdi.

 



Degişli Habarlar