Hindistanda dyknyşyk sebäpli 24 adam ýogaldy
Wakada 20 adam bolsa ýaralandy
Hindistanyň Uttar-Pradeş welaýatynda dini çärede ýüze çykan dyknyşykda 24 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy.
Hadysa Gang derýasynyň geçýän ýeri bolan Waranasi şäherindäki hindi ybadathanasynyň golaýynda boldy.
Dini çäräniň boljak ýerine barmak üçin 70 müňe golaý adam ýola çykdy, polisiýa gullugynyň işgärleri bolsa dini çärä gatnaşmak üçin gelýän adamlary yzyna gaýtarmaga başladylar.
Üýşen adamlaryň arasynda ýoldaky köpriniň ýumrulandygy üçin yzyna ugradylmaga başlanandygy barada gep-gürrüňler ýaýramaga başlamagy bilen dyknyşyk emele geldi.
Dyknyşykda ýogalan adamlaryň 14-si zenandygy habar berildi.
Resmiler çärä bular ýaly köp adamyň gatnaşmagyna garaşmandyklaryny we şol sebäpli taýarlyklaryň pes bolandygyny bellediler.
Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi her bir ýogalanyň maşgalasyna takmynan 3 müň dollar beriljekdigini mälim etdi.
Degişli Habarlar
Nigeriýada Metjitde Bolan Partlamada 11 Adam Ýogaldy
Ýangyç bidonynyň ýarylmagy sebäpli bolan partlamada 17 adamyň hem ýaralandy
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gazada ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 31 adam artyp 35 müň 303 adama ýetdi.