Türkiyede awtoulag söwdasy mart aýynyň rekordyny täzeledi
Türkiyede awtoulag pudagynyň söwdasy ähli mart aýlarynyň rekordyny täzeledi
2123775
Geçen aý bütin ýurt boýunça 109 müň 828 awtoulag we ýeňil söwda ulagy satyldy.
Geçen aý awtoulag söwdasy 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,9 göterim artyp 87 müň 71-e ýetdi, ýeňil söwda ulagy bolsa 7,9 göterim azalyş bilen 22 müň 757-ä ýetdi. Awtoulag we ýeňil söwda bazary 10 ýyllyk mart aýynyň ortaça görkezijilerine görä bolsa 50,9 göterim artyş boldy.
Awtoulag we ýeňil söwda bazary ýanwar-mart aýlary aralygynda ýyllyk görkezijilere görä 25,2 göterim artyp, 295 müň 519 boldy.
Degişli Habarlar
Ter Gök we Bakja Önümleriniň Eksporty Artýar
Türkiýe aprel aýynda 211,494 000 dollarlyk ter miwe we bakja önümlerini eksport etdi.