Türkiýäniň Ançous Eksporty Artdy
Türkiýeden ýanwar-fewral aýlarynda edilen ançous balygynyň eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä 35 göterim ýokarlap, 2,1 million dollara ýetdi.
2114890
Ýurtdan 2 aýda 577 tonna ançous eksport edildi. Şol eksportdan 2,1 million dollardan gowrak girdeji alyndy.
Bu görkeziji 303 tonnadan 1,5 million dollarlyk girdeji alynan geçen ýylyň degişli döwrüne görä mukdar taýdan 90, hümmet taýdan 35 göterim artdy.
Belgiýa, ABŞ we Fransiýa esasy ançous alyjylary boldy.
Türkiýeden ýylyň 2 aýynda Belgiýa 524,936, ABŞ-na 401,109, Fransiýa 368, 287 dollarlyk ançous eksport edildi.
Degişli Habarlar
Gündogar Gara Deňiz Sebitiniň Önümleri 120 Ýurda Eksport Edildi
Eksport edilen önümleriň sanawynda 258 million 101 müň 314 dollar bilen funduk esasy orun eýeledi.