Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Al-Falih bilen duşuşyk geçirdi

Mehmet Fatih Kajyr sosial media hasabyndan duşuşyk bilen bagly beýanat berdi

2103896
Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Al-Falih bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Khalid A. Al-Falih bilen ykdysady gatnaşyklary has hem özgertjek ädimleri maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Khalid A. Al-Falih Stambulda duşuşyk geçirendigini beýan etdi. 

Duşuşykda ykdysady gatnaşyklary has hem özgertjek ädimleri maslahatlaşandyklaryny aýdan Mehmet Fatih Kajyr: "Saud Arabystanynyň 2030 Maksatnamasy bilen Milli tehonolgiýa göçümimiziň kesişýän ugurlarynda ikitaraplaýyn häsýetdäki maýa goýumlarymyzyň artdyrylmagy, senagat pudaklarymyzyň integrasiýasy we sanly ykdysadyýet, telekeçilik we innowasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin işleşeris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar