S&P Türkiýäniň Durgun Bolan Balyny Oňyna Öwürdi
Halkara kredit derejelendiriş guramasy Standart& Purs Türkiýäniň kredit başyny “B” görnüşinde tassyklap, kredit balynyň görnüşini “durgundan” “oňyna” öwürdi.
S&P Türkiýede soňky döwürdäki syýasat düzgünleşdirmeleri sebäpli adaty bolmadyk seljeriş edip, ýurduň kredit görnüşini özgertdi.
Guramanyň beýanatyna görä syýasaty kesgitleýijileriň aşa gyzan ykdysadyýeti sowatmak ugrunda öňegidişlik eden bolsa, Türkiýäniň Merkezi bankynyň hem gutaran sap walýuta ätiýajyny gaýtadan dikeldýändigi nygtaldy.
Türkiýäniň kredit balynyň “B” hökmünde tassyklanandygy we kredit görnüşiniň “durgundan” “oňyna” öwrülendigi beýan edilip, tölegler balansynyň hasam güýçlenip, walýuta ätiýajynyň artan we geljek 12 aýyň dowamynda dollarizasiýa aşaklan halatynda uzak möhletli döwlet balynyň bir basgançak ýokarlandyryljakdygy nygtaldy.
Beýannamada Türkiýäniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,7, 2024-nji ýylda 2,4 ösüş etmegine garaşylýandygy mälim edildi.
Degişli Habarlar
Ter Gök we Bakja Önümleriniň Eksporty Artýar
Türkiýe aprel aýynda 211,494 000 dollarlyk ter miwe we bakja önümlerini eksport etdi.