Türkiýäniň Ykdysadyýeti Üçünji Çärýekde 5,9 Göterim Ösüş Etdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy ýylyň üçünji çärýegine degişli içerki milli girdejiniň jemlerini çap etdi.

2070796
Türkiýäniň Ykdysadyýeti Üçünji Çärýekde 5,9 Göterim Ösüş Etdi

Şuňa laýyklykda Türkiýäniň ykdysadyýeti 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrüne gröä 5,9 göterim ösüş etdi. Çaklamalar 5,6 göterimdi.

2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrüne görä; gurluşyk 8,1, senagat 5,7, maliýe we ätiýaçlandyryş 5,1, hyzmatlar 4,3, döwlet dolanşygy, bilim, saglygy goraýyş we sosial üpjünçilik 3,6, gozgalmasyz emläk pudagy 2,7, beýleki hyzmat ugurlary 2,2, maglumatlar we aragatnaşyk 1,7 we ekerançylyk pudagy 0,3 göterim ösüş etdi.

Türkiýäniň ykdysadyýeti mundan ozalky çärýege görä bolsa 0,3 göterim ösüş etdi.  



Degişli Habarlar