TOGG ulaglary Fransiýada sergilendi

Ýerli önüm bolan TOGG-yň reňkleri Türkiyäniň geografiýasyndan ylham alynyp kesgitlendi

2060541
TOGG ulaglary Fransiýada sergilendi
undefined
togg fransa'da.jpg

Türkiyäniň ýerli we dolulygyna elektrik tokda işleýän ulagy TOGG Fransiýanyň Strasburg şäherinde geçirilen Türkiye Sergisinde sergilendi. 

Strasburg şäherinde 3-5-nji noýabr aralygynda geçirilen serginiň çäginde türk medeniýeti we tagamlary bilen birlikde Anadolynyň ýerli halk tanslary tanyşdyryldy. 

Köp sanda fransuz we türk raýatlarynyň gezip gören Türkiye Sergisinde sergilenýän TOGG-a bolan gyzyklanma uly boldy. Tehnologiýasy bilen özüne haýran galdyran TOGG ulagyny sergide köp sanda adam gözden geçirdi. 

Ýerli önüm bolan TOGG-yň reňkleri Türkiyäniň geografiýasyndan ylham alynyp kesgitlendi. 


Etiketkalar: #Fransiýa , #sergi , #ulag , #TOGG

Degişli Habarlar