ÝUNKTAD Türkiýe Boýunça Ukdysady Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy

BMG-niň Söwda we galkynyş maslahaty (ÝUNKTAD) Türkiýäniň ykdysadyýeti boýunça ösüş çaklamasyny üstümizdäki ýyl üçin 2,6 göterimden 3,7 göterime çenli ýokarlandyrdy.

2046496
ÝUNKTAD Türkiýe Boýunça Ukdysady Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy

ÝUNKTAD Söwda we galkynyş habarnamasynyň okýabr aýyndaky sanyny çap etdi.

Habarnamada geçen ýyl 3 göterime deň bolan dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň 2023-nji ýylda 2,4 göterim bolmagyna garaşylýandygy mälim edilýär.

ÝUNKTAD aprel aýyndaky habarnamasynda dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 2,1 göterim ösjekdigi hakynda çaklama beripdi.

Habarnamada Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2023-nji ýyldaki ösüş çaklamasyny 2,6 göterimden 3,7 göterime çykardy. ABŞ-nyň ykdysadyýteiniň şu ýylky ösüşi bolsa 0,9 göterimden 2 göterim çykaryldy.

Ösüş çaklamasy ÝB üçin 0,4 we Hytaý üçin 4,6 göterime düşürilen habarnamada, Germaniýanyň hem şu ýyl 0,6 göterim aşaklap biljekdigi beýan edildi.  



Degişli Habarlar