Mugla Gelýän Polşaly Syýahatçylaryň Sany Gün Saýyn Artýar

Mugla 7 aýda 1 million 779 müň 356 syýahatçy geldi.

2024941
Mugla Gelýän Polşaly Syýahatçylaryň Sany Gün Saýyn Artýar

Mugla üstümizdäki ýyl Polşadan 120 müň 328 syýahatçy geldi

Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, Mugla 7 aýda 1 million 779 müň 356 syýahatçy geldi.

Iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 773 müň 909 adam bilen Britaniýa birinji, 210 müň 8 adam bilen Russiýa ikinji, 120 müň 328 adam bilen Polşa üçünji, 100 müň 787 adam bilen Germaniýa dördünji, 45 müň 439 adam bilen Gollandiýa bäşinji orny eýeledi.

Geçen ýylyň 7 aýlyk döwründe Bodrum, Marmaris we Fethiýe ýaly syýahatçylyk merkezlerine eýe bolan Mugla welaýatyna 1 million 501 müň 43 adam gelipdi.

 


Etiketkalar: #syýahatçylyk , #Mugla , #Polşa

Degişli Habarlar