Türk Gyzylbalygynyň Eksporty Artýar

Görkezijilere görä gyzylbalygyň eksportunyň 32 göterim artandygy habar berildi.

2008432
Türk Gyzylbalygynyň Eksporty Artýar

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň maglumatyna görä 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türk gyzylbalygynyň eksporty 123,7 million dollara barabar boldy.

Üstümizdäki ýylyň degişli döwründe bolsa eksport 32 göterim ýokarlap, 163,5 million dolara ýetdi.

Türk gyzylbalygynyň eksporty 2022-nji ýylda mukdar taýdan 16,7 müň tonna barabar bolan bolsa, üstümizdäki ýylyň degişli  döwründe 35 göterim ýokarlap, 22,6 müň tonna barabar boldy.

Türkiýeden ýanwar-iýun aýlarynyň aralygynda 40 ýurda türk gyzylbalygy eksport edildi.

Russiýa Federasiýasy 94,4 million dollar bilen birinji orny eýelän bolsa, Germaniýa 28,9 m million dollar bilen ikinji orunbda, 12,35 million dollar bilen Belarus üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar