Türkiyede inflýasiýa 18 aýyň iň pes derejesine ýetdi

Türkiyede inflýasiýa, iýun aýynda ýyllyk görkezijilere görä 38,21 göterim peselip, şol görkeziji soňky 18 aýyň iň pes görkezijisi hökmünde hasaba alyndy

2007315
Türkiyede inflýasiýa 18 aýyň iň pes derejesine ýetdi

Sarp ediji baha indeksi iýun aýynda aýlyk 3,92 göterim, Ýurduň içindäki Öndüriji baha indeksi bolsa 6,5 göterim artdy. 

Ýyllyk inflýasiýanyň sarp ediji bahalary bolsa 38,21 göterim bilen soňky 18 aýyň, ýurduň içindäki önümçilik bahalary bolsa 40,42 göterim bilen soňky 25 aýyň iň pes derejesine ýetdi. 

Türkiyäniň Statistika guramasy tarapyndan berilen maglumatlara görä, iýun aýynda 12 aýlyk ortaça görkezijiler hasaba alynanynda sarp ediji bahalar 59,95 göterim, ýurduň içindäki öndüriji bahalar bolsa 86,59 göterim artdy. 



Degişli Habarlar