Türkiýäniň Haly Eksporty Artdy

Haly eksporty maý aýynda 48,5 göterim artyp 234 million 317 müň dollara barabar boldy

1994587
Türkiýäniň Haly Eksporty Artdy

Türkiýäniň haly eksporty maý aýynda 48,5 göterim artdy.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň Haly pudagy geňeşiniň başlygy Salahattin Kaplan mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Türkiýäniň haly pudagynyň eksportynyň maý aýynda geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 48,5 göterim artyp 234 million 317 müň dollara barabar bolandygyny mälim etdi.

Kaplan pudagyň ösüş depiginiň dowam edýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar