Türkiyäniň awtoulag önümçiligi artdy

Türkiyäniň awtoulag önümçiligi ýylyň ilkinji 3 aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 21 göterim artdy

1976053
Türkiyäniň awtoulag önümçiligi artdy

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda Türkiyede 366 müň 597 ulag öndürildi. 

Şol önümçilikdäki ýeňil awtoulagyň paýy 34 göterim artyş bilen, 222 müň 51-e ýetdi. Traktorlar bilen birlikde bolsa jemi önümçilik 382 müň 504-e ýetdi. 

Söwda awtoulag önümçiligi bolsa geçen ýyla garanyňda 6 göterim artdy. 

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda awtoulag eksporty geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 26 göterim artdy. 

Traktor eksporty bolsa 2022-nji ýyla garanyňda 11 göterim artyp, 5 müň 229 sany boldy. 

Şeýlelik bilen 8,8 milliard dollarlyk eksport amala aşyryldy. 



Degişli Habarlar