Türkiyäniň ýeňil awtoulag eksporty 3 aýda 2,6 milliard dollardan geçdi

Türkiyäniň ýylyň ilkinji çärýeginde 86 ýurda, awtonom we erkin söwda zolagyna 2 milliatd 625 million 510 müň dollarlyk ýeňil awtoulag satuwyny amala aşyrdy

1973788
Türkiyäniň ýeňil awtoulag eksporty 3 aýda 2,6 milliard dollardan geçdi

Uludag awtoulag senagaty eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen maglumata görä, awtoulag senagatynyň ýylyň ilkinji çärýegindäki 8 milliard 618 million 998 müň dollarlyk daşary söwda satuwynyň 30,5 göterimini ýeňil awtoulag topary emele getirdi. 

2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygyndaky 2 milliard 149 million 246 müň dollar bolan ýeňil awtoulag ekpsort, şu ýylyň şol döwründe 22,16 göterim artyp, 2 milliard 625 millio 510 müň dollara ýetdi. 

Türkiyeden ýylyň ilkinji çärýeginde 86 ýurda, awtonom we erkin söwda zolagyna ýeňil awtoulag ugradyldy. 

Pudak ýanwar-mart aýlary aralygynda ýeňil awtoulag eksportyny iň köp Fransiýa amala aşyrdy. 

Bu ýurda daşary söwda 124,49 göterimlik artyş bilen, 207 million 56 müň dollardan 464 million 815 müň dollara ýetdi. 

Fransiýadan soň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 35,4 göterimlik artyş ýerine ýetirilen 299 million 459 müň dollarlyk ýeňil awtoulag eksporty bilen Beýik Britaniýa gelýär. 



Degişli Habarlar