Awtoulag senagatynyň önümçiliginde we eksportynda artyş

Türkiyäniň Awtoulag senagaty pudagynda ýylyň ilkinji aýynda jemi önümçilik 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 24 göterim artyp, 111 müň 837 sany hökmünde hasaba alyndy

1948665
Awtoulag senagatynyň önümçiliginde we eksportynda artyş

Awtoulag senagaty jemgyýeti 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň önümçiligi we eksporty bilen bagly görkezijileri beýan etdi. 

Şoňa laýyklykda ýanwar aýynda jemi önümçilik 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 24 göterim artyp, 111 müň 837-ä, awtoulag önümçiligi bolsa 48 göterimlik artyş bilen 70 müň 723-e ýetdi. Traktor önümçiligi bilen bolsa jemi önümçilik 116 müň 730-a ýetdi. 

Ýanwar aýynda jemi satuw geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 35 göterim artyp, 53 müň 509 sany derejesinde amala aşyryldy. Ýanwar aýynda awtoulag satuwy bolsa 29 göterim artp, 37 müň 288-e ýetdi. 

Türkiyäniň Eksportçylar mejlisiniň berýän maglumatyna görä awtoulag senagatynyň eksporty ýanwar aýynda jemi eksportyň 14 göterimini emele getirip, umumy eksportda ilkinji oruna eýe boldy. 


Etiketkalar: #awtoulag , #Türkiye , #eksport

Degişli Habarlar